JEMGYÝET

Türkmenistan Bütindünýä türki dilleriniň gününiň döredilmegini teklip eder

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde şu ýylyň 12-nji sentýabrynda öz işine başlajak BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogynyň esaslandyryjy mejlisini geçirmek, şeýle hem 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna gabatlap, ÝUNESKO we TÜRKSOÝ bilen bilelikde Türki dilleriniň halkara hepdeliginiň geçirmek baradaky teklipler hem göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, Bütindünýä türki dilleriniň güni atly kararnamanyň kabul edilmeginiň teklip edilmegi meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, ýurdumyz 2024-nji ýylda raýatsyzlygy ýok etmek babatda sebitleýin maslahaty geçirmegi teklip eder.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri Antoniu Guterrişi Bitaraplygyň 30 ýyllygynyň dabaralaryna çagyrdy

Ata Watan Eserleri

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Ahal welaýatynyň döwrebap merkezinde metjit gurlar

Leave a Comment