DÜNÝÄ

Türkiýede Ýeňiş baýramy bellenýär

Şu gün Türkiýe Respublikasynda Ýeňiş güni bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk Türkiýe Respublikasynyň öz garaşsyzlygy ugrunda gazanan ýeňşiniň baýramydyr.

Mustafa Kemal Atatürküň ýolbaşçylygynda Türkiýäniň goşuny Dumlupynarda duşmanlara garşy göreşip, 30-njy awgustda ýeňiş gazanýar. Şol gün hem ýurtda Ýeňiş güni hökmünde bellenýär.

Dumlupynardaky söweş Türkiýänyň garaşsyzlygy ugrundaky aýgytly uruşlaryň biri bolýar. Ol 1919-1922-nji ýyla çenli dowam edýär.

Ilkinji gezek bu baýramçylyk 1923-nji ýylda bellendi. 1926-njy ýylyň 30-njy awgustynda bu baýramçylyk resmi taýdan Ýeňiş güni hökmünde yglan edildi.

Şeýle hem 30-njy awgusty Türkiýe Respublikasy Ýaragly güýçleriniň güni hökmünde hem belleýär.

Bu baýramçylygyň esasy çäreleriniň biri hem Türkiýäni esaslandyran Mustafa Kemal Atatürküň Anytkabirdäki mawzoleýine gül desseleri goýmak dabarasydyr. Prezident Ärdogan we ýurduň ýolbaşçy düzümi Anyrkabir mawzoleýine baryp, Atatürki ýatlap, gül desselerini goýdular.

Ýene-de okaň

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň ösüş strategiýays ministri bilen duşuşdy

Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň Gyzyl kitabyny döretmegi teklip etdi

Bütindünýä banky Merkezi Aziýanyň taslamalaryna 1 milliard dollar maýa goýdy

Amyderýadan Aşgabada: Ýaş tebigatçylar üçin okuw maslahaty geçirildi

Azerbaýjan we Merkezi Aziýa ýurtlary howa boýunça bilelikdäki beýannama kabul etdiler