SPORT

Ronaldo UEFA-nyň ýörite baýragyna mynasyp boldy

Ispaniýanyň “Real Madrid”, Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” hem-de Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň ozalky hüjümçisi Kristiano Ronaldo UEFA-nyň ýörite baýragyna mynasyp boldy. Ol UEFA-nyň Çempionlar ligasynda iň köp gol geçiren futbolçy hökmünde bu baýragy almaga hukuk gazandy.

Oňa baýragy düýn UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň bije çekişlik dabarasynyň öňüsyrasynda gowşuryldy.

39 ýaşyndaky futbolçy bu baýrak barada şeýle diýdi: “Bu baýraga mynasyp bolmak meniň üçin uly hormatdyr. Meni goldaýanlaryň ählisine minnetdarlyk bildirýärin”.

Ronaldo Çempionlar ligasynda geçiren gollary boýunça Lionel Messiden 11 gol, Robert Lewandowskiden 46 gol öňdedir. Portugal hüjümçi 7 möwsümde Çempionlar ligasynyň iň köp gol geçiren futbolçysy boldy.

Şeýlelikde, Ronaldonyň Ýewropanyň iň abraýly futbol ýaryşy bolan Çempionlar ligasyndaky 18 ýyllyk karýerasynda gazanan üstünligi Monako şäherinde geçirilen 2024/25-nji ýylyň möwsümindäki Çempionlar ligasynyň bije çekilişiginde ýörite baýrak bilen bellendi.

Mälim bolşy ýaly, Ronaldo Çempionlar ligasynda 183 duşuşykda oýnap, 140 gol geçirdi. Ol 2023-nji ýylda Ýewropa karýerasyny jemläp, Saud Arabystanyna geçdi. Häzirki wagtda hem “Al-Nasr” saud toparynda çykyş edýär.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy