JEMGYÝET

Şu gün Türkmenistanyň tebigy gazy Türkiýä barar

Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar: “Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde ýylyň ahyryna çenli 1,3 milliard kubmetr türkmen gazyny Türkiýe ibermek meýilleşdirilýär”.

Bu barada beýanat beren Türkiýäniň ministri Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda taryhy tebigy gaz üpjünçiligi şertnamasyna gol çekilenden soň, türkmen gazyň üpjünçiliginiň başlanjakdygyny we ýylyň ahyryna çenli 1,3 milliard kubmetr gazyň 1,5 million hojalygyň islegini kanagatlandyrjakdygyny habar berdi.

Baýraktar “Anadolu Ajansı” habarlar gullugynyň habarçysyna beren beýanatynda 1998-nji ýylda başlanan Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda tebigy gaz gepleşikleriniň 27 ýyldan soň tamamlanandygyny aýtdy.

2024-nji ýylyň martynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkiýäniň Prezidenti bilen netijeli duşuşyklar geçirendigini aýdyp, şol duşuşykda iki ýurduň arasynda tebigy gaz hyzmatdaşlygy babatda möhüm ylalaşygyň gazanylandygy belledi.

Soňra bolsa, “Türkmengaz” döwlet konseri bilen “BOTAŞ” kompaniýasynyň arasynda degişli şertnamanyň baglaşylandygy bellenilip geçildi.

Türkmenistan bilen gazanylan bu ylalaşygy ýene-de 5 ýyl uzaltmagy maksat edinýändiklerini bellän Baýraktar türkmen gazynyň swap usuly bilen Eýranyň üsti bilen geljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Döwletabat-Sarahs-Hangeran tebigy gaz geçirijisi arkaly Eýrana geljek Türkmenistanyň tebigy gazy swap arkaly Türkiýä iberiler.

Eýran-Türkiýä tebigy gaz geçiriş nokadyndaky Gürbulak sebitinden tebigy gaz kabul edilip alnar we Tükriýede ulanylyp başlanar.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Gazagystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Malaýziýanyň Premýer-ministri türkmen halkynyň Milli Liderine “Honda” kysymly motoulagy sowgat berdi

Wladimir Zelenskiý türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Lukaşenko: Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyrys