MEDENIÝET

Sowuk howada ýüzümize ideg etmek      

Sowuk howada deriniň aşa guramaklygy, gyzarmaklygy ýüze çykýar, solgun bolýar. Beden sowuk howa uýgunlaşmak we mümkin boldugyça özüni goramak isleýär. Şeýlelikde, deriniň ýokarky gatlagy galyňlanýar we gan damarlar giňelip başlaýar.  Şeýle howa şertlerinde ýüzümizde adaty idegi ýygy-ýygydan ýerine ýetirip durmaly. Onuň üçin şu ýapgylardan peýdalanmagy maslahat berýäris.

Bir hurmanyň daşyny aýyrmaly. Soňra ony ezmeli. Taýyn bolan ýapgyny ýüzüňize çalmaly we 20 minut saklamaly.  Hurma A, B1, B2, B3 witaminlere baýdyr. Ýapgy ýüzüňizi iýmitlendirýär we nemlendirýär.

Bir bulgur süýdi ýylatmaly. Onuň içine 1 nahar çemçe pakmaýany ezmeli. Taýyn bolan suwuklygy ýüzüňize çalyp, 15 minut saklamaly. Ýapgy ýüzüňizi iýmitlendirýär we rahatlandyrýar.

Bir bölek kädini blenderden geçirmeli. Soňra oňa bir çaý çemçe ary balyny we 1 çaý çemçe süle ýarmasyny garmaly.  Taýyn bolan melhemi ýüzüňize çalyp,15-20 minut saklamaly. Ýapgy ýüzüňiziň derisini arassalaýar. Ýapgyny ýüzüňiz sowuklan halatynda hem ulanyp bilersiňiz.

Bir hyýary gyrgyjyň ownuk gözünden geçirmeli we oňa iki nahar çemçe gaýmagy garmaly. Ýapgyny ýüzüňize çalyp, 25 minut saklamaly. Ýapgy ýüzüňizi iýmitlendirýär.

 

Saçlaryň düşmeginiň sebäpleri    

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň kitaphana ýolbaşçylary Bakuda geçirilen halkara maslahatyna gatnaşdy

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler