MEDENIÝET

Dünýädäki iň gadymy sungat eseri

Dünýäniň iň gadymy sungat eseri Hytaýyň Tibet platosyndaky gaýalykda tapyldy. 226 müň ýyllyk diýlip kesgitlenen eliň yzlarynyň çeper maksat bilen ýasalandygyny kesgitlän hünärmenler, täze açyşyň adamzadyň näbelli taryhyna yşyk tutýandygyny aýtdy.

Hytaýyň Guançžou uniwersitetiniň alymlary şu wagta çenli dünýäde iň gadymy sungat eserini tapandyklaryny habar berdiler. Tibet düzlügindäki Kesang gaýalyklarynda 2018-nji ýylda ilkinji gezek tapylan eliň yzlary boýunça ylmy-barlag işleri tamamlandy. Bu gaýalykdaky eseriň 226 müň ýyllykdygy anyklandy.

Bu sungat eseriniň hakyky ýa-da hakyky däldigini anyklamak üçin hünärmenler Nýu-Ýorkuň Kornell uniwersitetinden arheolog Tomas Urban bilen birleşip, Nýu-Meksiko ştatynyň Ak gum milli seýilgähinde bilelikde iş alyp bardylar.

 

Aral boýunça Türkmenistanyň Milli maksatnamasy taýýarlandy

Ýene-de okaň

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi