DÜNÝÄ

Si Szinpin we Al Nahaýýan BRIKS sammitine gatnaşar

Şu ýylyň 22-24-nji oktýabrynda Tatarystanyň paýtagty Kazanda BRIKS sammiti geçiriler. Oňa dünýäniň köp ýurdundan döwlet Baştutany derejesinde wekiliýet gatnaşar. Sammite Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Muhammed ben Zaid Al Nahaýýan gatnaşar.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Hua Çunin metbugat ýygnagynda Si Szinpiniň 22-24-nji oktýabr aralygynda Russiýada saparda bolup, Kazan şäherinde 16-njy BRIKS sammitine gatnaşjakdygyny habar berdi.

Russiýanyň Prezidentiniň metbugat gullugy 21-nji oktýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Muhammed ben Zaid Al Nahaýýanyň Russiýa sapar bilen geljekdigini we ilki bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşikler geçirjekdigini mälim etdi.

Soňra BAE-niň Prezidenti Kazandaky BRIKS sammitine gatnaşar.

Related posts

Aleksandr Wan der Belleni gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň täze Konsepsiýasy taýýarlanar

Türkmenistan bilen Halkara Atom energiýasy agentligiň arasynda hyzmatdaşlyk ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri