BILIM

Saady Şirazyny hatyralamak gününe bagyşlanyp goşgy bäsleşigi geçirildi

2026-njy ýylyň 21-nji aprelinde Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň gurnamagynda her ýyl aprel aýynyň 21-ne bellenilýän nusgawy pars edebiýatynyň görnükli şahyry Saady Şirazyny hatyralamak gününe bagyşlanyp edebi-medeni duşuşyk hem-de şygyr bäsleşigi geçirildi.

Saady Şirazyny hatyralamak gününe bagyşlanyp geçirilen goşgy bäsleşigine emin agzalary hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojteba Ruzbehani, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, pars dili we edebiýaty boýunça doktor Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ýanyndaky mekdebiň pars dili we edebiýaty mugallymy Ýadulla Mohammadi, Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Leksikografiýa, terminologiýa we dil medeniýeti bölüminiň ylmy işgäri Güýçmyrat Çaňlyýew hem-de Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Tekstologiýa we edebi miras bölüminiň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Rahmanberdi Godarow gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar ýokary okuw jaýynyň zalynda bu ýokary okuw jaýynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi bilen bilelikde gurnan Saady Şirazynyň döredijiligine hem-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlanan sergisini synladylar.

Dabaranyň başynda Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň rektory Orazgeldi Öwezsähedow, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ali Mojteba Ruzbehani we Ilçihananyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi çykyş etdiler. Çykyşlarda pars we türkmen edebiýatyndaky umumylyklar beýan edilip, olaryň köpasyrlyk taryha eýe bolan türkmen-eýran gatnaşyklaryndaky hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, umumy medeni we ruhy gymmatlyklara, şol sanda umumy edebiýata we taryha esaslanýandygy barada bellenip geçildi.

Çäräniň dowamynda geçirilen şygyr bäsleşigine Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň pars dili we edebiýaty hünäriniň talyplary Guseýnowa Irada, Balyşowa Oguljennet, Täçmyradowa Baýrambibi we Durdyýewa Maýa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň pars dili we edebiýaty hünäriniň talyplary Baýramow Maksat, Jeýhunowa Gülnäz, Orazowa Selbi we Babaýewa Aýlara, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary Welmämmedow Kemal, Dowjanow Begençnazar we Ruslanow Begli, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet Mugallymçylyk institutynyň talyplary Işankulyýewa Gülşat, Işankulyýewa Maral, Kadyrowa Arzuw we Hojanowa Tawus, şeýle-de EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇIHANASYNYŇ MEDENIÝET MERKEZINIŇ PARS DILI ÖWRENIJILERI Ýusupow Rüstemaly, Amanmyradowa Nurana, Garrybaýewa Nurana, Rejepowa Emine we Hallyýewa Ogulbossan gatnaşdylar. Jemi üç tapgyrdan ybarat bolan bäsleşigiň birinji tapgyrynda gatnaşyjylar Saady Şirazynyň pars dilindäki şygyrlarynyň azyndan 6 beýtini (ikilemesini) ýatdan aýdyp berdiler. Ikinji tapgyra saýlanan 9 sany gatnaşyjy öz aýdan şygyrlarynyň her bir beýtine pars dilinde düşündiriş berdi. Jemleýji tapgyra jemi 6 sany gatnaşyjy saýlandy we olara emin agzalarynyň topary tarapyndan pars dilinde taýýarlanan Saady Şirazynyň ömri we döredijiligine degişli 30 sany sorag berildi.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijileri Amanmyradowa Nurana we Garrybaýewa Nurana, degişlilikde I we II orna, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň pars dili we edebiýaty hünäriniň II ýyl talyby Orazowa Selbi III orna mynasyp boldy. Ýeňijilere jenap Ilçi hem-de Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi tarapyndan Minnetdarlyk haty, Saadynyň türkmen dilindäki eserlerler ýygyndysy we pul baýraklary gowşuryldy.

Dabaraly çäräniň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdymçylar we folklor tans toparlarynyň, şeýle hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplarynyň türkmen we pars dillerinde ýerine ýetiren täsirli çykyşlary çäräniň medeni taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdiler.

Ýene-de okaň

3000-den gowrak gazak talyby ABŞ-da bilim alýar

Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ylmy maslahat geçirildi

Türkmenistan “THE Asia Universities Summit 2026” çäresine gatnaşýar

Aşgabatda Halkara hytaý dili güni bellendi

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet uniwersiteti Italiýanyň uniwersiteti bilen ylalaşyga gol çekişdi

Türkmenistanlylar üçin Ýaponiýada okamak mümkinçiligi