JEMGYÝET

Owganystanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Muttakiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana resmi sapar bilen geldi, bu wekiliýet Aşgabatda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gepleşikler geçirer.

Owganystanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, bu sapar Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň çakylygy boýunça amala aşyrylýar.

Owgan ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde Owganystanyň Dag magdan senagaty we nebit ministrliginiň, Owganystanyň Demirýol müdirliginiň we “Da Afghanistan Breshna Sherkat” energetika kompaniýasynyň wekilleri bar.

Related posts

Serdar Berdimuhamedowa täze wezipe berildi

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Aşgabady ösdürmegiň 17-nji tapgyry durmuşa geçiriler