JEMGYÝET

Milli Liderimiz Allahşukur Paşazade bilen duşuşdy

Azerbaýjanda saparda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade bilen duşuşygy boldy.

Allahşukur Paşazade belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy we ruhy-medeni gymmatlyklary ilerletmekde şeýle duşuşyklaryň möhüm ähmiýetini belledi. Şeýle-de ol 2014-nji ýylda Aşgabatda bolanda, paýtagtymyzyň gözel binagärlik keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny, Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen uly işleriň amala aşyrylandygyny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň görnükli syýasatçy hökmünde dünýäde giňden tanalýandygyny aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigine ünsi çekip, bu başlangyjyň syýasy-diplomatik çäklerden daşary çykýandygyny, onuň diňe bir ählumumy geosyýasy häsiýete däl-de, eýsem, örän giň dünýägaraýyş häsiýetine-de eýedigini aýtdy.

Hormatly Arkadagymyz bu asylly maksada ýetmekde yslam dinine we onuň wekillerine, uly abraýa eýe bolan işgärlerine örän aýratyn ornuň degişlidigine ynam bildirip, Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazadäni 2025-nji ýylyň dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp, Aşgabatda geçiriljek halkara maslahata çagyrdy.

Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasatynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam berýändigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Şeýh-ul-islam Allaşukur Paşazadä türkmen donuny we namazlyk sowgat berdi. Ol tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, bu sowgady iki doganlyk halkyň arasyndaky hormat-sarpanyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Ýene-de okaň

Wladimir Zelenskiý türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Lukaşenko: Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyrys

Ilham Aliýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Si Szinpin we Putin türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi