JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň saparynyň çäklerinde  “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna baryp gördi.

Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we “Sea Breeze” toplumynyň esaslandyryjysy Emin Agalarow mähirli garşyladylar. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza şekil taslamalarynyň üsti bilen agzalan dynç alyş toplumy barada maglumat berildi.

Ýeri gelende bellesek, soňky ýyllarda türkmen topragynyň ajaýyp künjegi bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hem tanalmaz derejede özgerdi. Hazar deňziniň türkmen kenarynda ak mermerli kaşaň myhmanhanalar, kottej şäherçeleri, ýaht-klublar, çagalar sagaldyş merkezleri, sport desgalary guruldy, dynç alyş seýilgähleri, ýaşyl zolaklar, emeli derýa döredildi. Bularyň hemmesi, şol sanda ulag, inženerçilik-tehniki düzümleriň desgalary öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de gurluşyk, binagärlik we bezeg ulgamlaryndaky özboluşly çözgütleri peýdalanmak arkaly, täzeçil çemeleşmeleriň esasynda bina edildi.

Häzirki döwürde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy iri işewürlik, medeni we sport merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyryp, ýokary derejedäki duşuşyklaryň, dürli halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Amatly howa şertleri hem-de Hazar deňziniň türkmen kenarynyň baý şypahana kuwwaty, iň döwrebap tehnologiýalardan, innowasiýalardan, öňdebaryjy binagärlik, inženerçilik-tehniki gazanylanlardan ugur alynmagy, öňde goýlan maksatlara ýetmek babatda oýlanyşykly çemeleşmeler, eziz Diýarymyzyň “deňiz merjeniniň” halkara syýahatçylygyň, şypahana-dynç alşyň hem-de sportuň ykrar edilen merkezine öwrülmegi üçin ähli şertleri döredýär.

Related posts

President of Turkmenistan and President of the Union of Chambers and Commodity Exchanges of Turkey discuss prospects for cooperation on TAPI project

vepa

OSCE Seminar on mass media started in Ashgabat

vepa

Täze elektron gazet öz işine başlady :USSAT NEWS

Ata Watan Eserleri