JEMGYÝET

Oraza baýramy mynasybetli dynç alyş

Hormatly Prezidentimiz berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, türkmen halkynyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna aýawly çemeleşmek, gymmatly ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda Oraza baýramyny bellemek hakyndaky Permana gol çekdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, gol çekilen resminama laýyklykda, Türkmen halkynyň Milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2021-nji ýylyň 13-nji maýynda bellemek göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmek bellenildi.

 

Gadyr gijesi mynasybetli günä geçişlik yglan edildi

 

Related posts

Düýäniň iň ýaş millionerini tanaýarsyňyzmy?

vepa

Daşoguz welaýatynda ady üýtgedilen we ýatyrylan etraplar

Müsür Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

vepa