TEHNOLOGIÝA

NASA: ABŞ 2030-njy ýyllaryň başynda adamları Marsa ibermegi meýilleşdirýär

ABŞ-nyň ulag ministri, NASA-nyň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şon Daffi “Fox News” teleýaýlymyna beren interwýusynda, ABŞ-nyň 2030-njy ýyllaryň başynda adamlary Marsa ibermegi meýilleşdirýändigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu missiýa sekiz aydan gowrak dowam eder.

«Marsa uçmak üçin sekiz aydan gowrak wagt gerek bolar, soňra ol ýerde galmaly bolar we soň yzyna gaýtmak gerek», – diýip, Daffi belledi.

Şol bir wagtyň özünde, ol bu meýilnamalary örän möhüm diýip atlandyrdy we missiýanyň dowamynda astronawtlaryň ýaşaýyşyny üpjün etmekde Aýa uçuş tejribesiniň möhüm ähmiýetiniň boljakdygyny goşdy.

Related posts

2000 müň dollarlyk bükülýän ilkinji “iPhone Duo” smartfony tanyşdyryldy

“Apple”-den ozduran kompaniýa

Ilkinji 3D enjam äleme syýahatyny tamamlady

Ata Watan Eserleri