TEHNOLOGIÝA

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

“Apple” kompaniýasy “iPhone 16e” ykjam telefonynyň orunutary bolan “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy. 256 gigabaýt ýady bolan bu telefonyň bahasy 599 dollara deňdir. Tanyşdyrylyşdan soň “Apple” kompaniýasy “iPhone 16e” modelini satuwdan aýyrdy.

Smartfon “A19” prosessory, 8 gigabaýt operatiw ýady we “C1X” modemi bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol 60 Gs täzelenme ýygylygy bolan 6,1 dýuýmlyk “Super Retina XDR” displeýine eýedir, ekrany bolsa täze «Ceramic Shield 2» örtügi bilen goralandyr.

Şol bir wagtyň özünde “Apple” kompaniýasy “iPad Air”-iň täze görnüşini hem tanyşdyrdy. Enjam M4 prosessory, 8 gigabaýt operatiw ýady, goşmaça Apple N1 çipi bilen üpjün edilen we Wi-Fi 6E tehnologiýasyny goldaýar.

11 dýuýmlyk modeliň bahasy 599 dollar, 13 dýuýmlyk modeliňki bolsa 799 dollar möçberindedir.

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi