TEHNOLOGIÝA

«Titanigiň» ikinji heläkçiligi gözegçilige alnar

Atlantik ummanynyň düýbünde ýatan meşhur «Titanik» gämisine ekspedisiýa ugradylýar diýip, «Associated Press» habar berýär. Topar gäminiň heläk bolşy bile bagly ýagdaýlary has içgin öwrenmekçi.

Suwasty gözlegler «OceanGate Expeditions» tarapyndan gurnalýar. Hünärmenler ýokary anyklykdaky kameralar we köp şöhleli sonar bilen enjamlaşdyrylan uglerodyň taryndan we titandan ýasalan çuň deňiz gämilerinde gäminiň ýanyna bararlar.

Ekspedisiýa arheologlar we deňiz biologlary gatnaşýarlar. Olar her ýyl suwasty ekoulgamynyň  «Titanigi» ýok etmezden ozal gäminiň ýaramazlaşmagyny surata düşürmek isleýärler.

«OceanGate Expeditions»-iň ýolbaşçysy Stokton Raş: «Täsin taryh ölüp barýar we biz ony ýitip gitmezden ýa-da tanap bolmaz derejä ýetmezden ozal resminamalaşdyrmagymyz gerek» diýip, taslama barada düşündiriş berdi.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/messinin-sertnamasy-mohleti-tamamlandy/

Related posts

Pariž awtoulag sergisi 90-njy gezek gapylaryny açdy

Ilon Mask kompaniýalaryny Tehasa göçürýär

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ykjam goşundysy işe girizildi