TEHNOLOGIÝA

Elektrik ulaglarynyň satuwy ýokarlandy

Elektrik ulaglarynyň satuwy 2020-nji ýylda 3 milliondan geçdi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.

Dünýäde satylan elektrik ulaglarynyň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende 41% artyp, geçen ýyl 3 milliona ýetdi. Awtoulag öndürijileriniň köpüsi soňky ýyllarda elektrik ulagy bazaryna uly maýa goýýarlar we bu awtoulaglara bolan gyzyklanma artýar.

Elektrikli ýük awtoulaglarynyň we awtobuslaryň umumy sany 1 milliona golaýlady. Ýewropada elektrik ulaglarynyň satuwy öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 2020-nji ýylda 137 göterim ýokarlandy we jemi 1 million 395 müň elektrik ulagy satyldy.

Global elektrik ulaglarynyň satuwynyň 2021-nji ýylda 4,6 milliona ýetmegine garaşylýar. Bu ýylky ösüşe Demirgazyk Amerika we Hytaý ýolbaşçylyk eder diýlip garaşylýar.

 

Ispaniýa we Gresiýa örtük dakynmagy ýatyrýar

Related posts

“iPhone 12” : Täze modeliň aýratynlyklary

Ata Watan Eserleri

“Microsoft”-dan 1,1 milliard dollarlyk maýa goýum

Dr.Döwran Orazgylyjov

“Twitter”-den möhüm kriptowalýuta ädimi: “Twitter” Kripto döredildi