MEDENIÝET

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry halkara festiwalyň ýörite Diplomyna mynasyp boldy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 1 — 4-nji noýabry aralygynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwaly geçirildi. Bu halkara teatr festiwalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary «Leýli — Mejnun» dessany esasynda Gowşutgeldi Daňatarowyň pýesasy boýunça sahnalaşdyrylan «Söýgi we hasrat» atly oýun bilen çykyş etdiler.

TÜRKSOÝ-yň I halkara festiwalynyň ahyrynda oňa gatnaşýan ýurtlaryň döredijilik toparlaryna guramaçylar tarapyndan ýörite Diplomlar gowşuryldy. Halkara teatr festiwalynyň ýörite Diplomyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary hem mynasyp bolmagy başardy. Teatryň ýolbaşçysy Myrat Aradowa festiwalyň ýapylyş dabarasynda TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwalyna işjeň gatnaşandygy üçin hem-de türkmen artistleriniň festiwalda üstünlikli çykyş edendigi üçin Diplom gowşuryldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti Gülnabat Abdullaýewa halkara festiwalyň «Iň gowy zenan keşbi üçin» baýragyna mynasyp bolmagy başardy. Biz bu barada saýtymyzda ozal hem habar beripdik.

TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwalyna gatnaşýan ýurtlaryň döredijilik toparlarynyň çykyşyna baha bermek üçin eminler topary döredildi. Alty adamdan ybarat toparyň agzalarynyň arasynda Türkmenistanyň halk artisti Gülälek Akmyradowanyň bardygyny hem bellemek gerek. Eminler topary festiwalyň dowamynda artistleriň aktýorlyk başarnygyna, wakalaryň goýluş yzygiderligine, egin-eşiklere we grimine, şeýle-de spektakllaryň çeper bezegine baha berdiler.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy