DÜNÝÄ

Lýuksemburgda jemgyýetçilik ulaglary mugt

Lýuksemburg dünýäde ykdysady taýdan iň öňdebaryjy ýurtlaryň biri hasaplanýar. Bu ýurt ilkinji bolup, raýatlarynyň jemgyýetçilik ulaglarynyň birnäçe görnüşlerinden mugt peýdalanmagyna mümkinçilik döretdi. Bu düzgün 1-nji martdan güýje girdi. Ýurduň hökümeti birnäçe ýyldna bäri bu düzgüniň üstünde işläp gelýärdi.

Bu düzgün güýje gireninden soňra jemgyýetçilik ulagyny ulanýan raýatlaryň sany has-da artdy. Bu bolsa köçelerde ulag dyknyşygyň azalmagyna getirdi. Indi lýuksemburglylar otlylary, awtobuslary, tramwaýlary tölegsiz görnüşde ulanyp biler.

Related posts

Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri belli bolar

Azerbaýjanyň umumy milli lideri Geýdar Aliýew hatyralandy

Duşenbe GDA-nyň Baştutanlarynyň sammitini kabul etmäge taýýarlanýar