DÜNÝÄ

Özbegistanyň Medeniýet ministri bilen duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA gatnaşyjy-döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň Ð¥IV Forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministri Bahtiýor Saýfullaýew bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar dürli ugurlar boýunça iki doganlyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp geçdiler, has takygy medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda forumlar, sergiler we okuw saparlary bilen birlikde dürli görnüşdäki çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. Şeýle hem taraplar bilelikdäki işleriň mundan beýläk hem berkidilmegi boýunça geljegi uly taslamalary we teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň barşynda myhman şeýle hem GDA gatnaşyjy-döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň Ð¥IV Forumynyň guramaçylygynyň ýokary derejesini belläp geçdi we Türkmenistanyň GDA gatnaşyjy-döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine saldamly goşant goşýandygyny nygtady.

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy