BILIM

Küşt oýny barada…

Küşt oýny sportuň iň bir gyzykly oýunlarynyň biri bolmak bilen çäklenmän, eýsem paýhas oýny hem hasaplanýar. Biziň ýurdumyzda hem küştçiler ussat tälimçileriň sapak bermeginde ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdeplerinde ýetişdirilýär. Ussat küştçileriň ýetişdirilmegine öz önjeýli goşandyny goşýan ussatlaryň biri hem Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, Bütindünýä küşt federasiýasynyň ussady, halkara derejeli emin, “Watana bolan söýgüsi” üçin diýen medalynyň eýesi Şöhrat Myratgulyýewdir.

Paýhas oýnunyň taryhy hem-de dürli ýyllarda türkmen küştçileriniň gazanýan üstünlikleri barada gysgaça maglumat berýän kitap çap edildi. 2019-njy ýylda çapdan çykan “Müň bir gözellik” kitabynyň awtory ussat küştçi Şöhrat Myratgulyýew. Bu ajaýyp kitap 10 bölümden ybarat bolup durýar. Kitapda küşt sportunyň dörän ýeri, küşt sportunyň ýyldyzlary, rowaýatlar we gadymy suratlar beýan edilipdir, şeýle hem suratlandyrylypdyr. Şeýle hem bu kitap, iki dilde, ýagny türkmen we rus dillerinde ýazylypdyr. Mundan başga-da kitapda, irki döwürlerde türkmen küşt türgenleriň daşary ýurt küşt türgenleri bilen geçirilen duşuşyklaryň, küşt göçümleri giňden beýan edilýär.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

Related posts

ABŞ-da okamak mümkinçiligi

Türkmen-koreý hyzmatdaşlygy: koreý dilindäki kitaplar sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Awstriýanyň uniwersitetleri hyzmatdaşlyk eder