BILIM

Belarus Türkmenistanyň raýatlaryna okuw wizalary bermegiň tertibine üýtgeşme girizdi

Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi web sahypasynda habar bermegine görä 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Belarusda okamak isleýän Türkmenistanyň raýatlary üçin okuw wizalaryny bermegiň täze tertibi güýje girdi. Bu barada Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Indi Belarusyň uniwersitetlerine okuwa gidýän Türkmenistanyň raýatlary (dalaşgärler) Belarusyň Salgyt kodeksine laýyklykda wiza üçin konsullyk tölegini tölärler.

Şol bir wagtyň özünde, Belarusda eýýäm okaýan türkmenistanly talyplar we Belarus uniwersitetlerine bellenen seneden ozal kabul edilen raýatlar uniwersitetiň statusyny tassyklaýan şahadatnama görkezilenden soň mugt okuw wizalaryny almagy dowam ederler.

«Mugt okuw wizalary daşary ýurt raýatynyň talypdygyny tassyklaýan bilim edarasynyň şahadatnamasynyň asyl nusgasyny ýa-da ýokary okuw mekdebiniň resmi haty (möhleti üç aýdan geçmedik) iberlensoň berilýär» diýlip ilçihananyň habarynda bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, mundan ozal uniwersitetlerde ýokary bilim almak maksady bilen Belarusa girýän Türkmenistanyň ähli raýatlaryndan «okuw» kategoriýasyndaky wiza üçin konsullyk tölegleri alynmaýardy.

Ýene-de okaň

Saady Şirazyny hatyralamak gününe bagyşlanyp goşgy bäsleşigi geçirildi

3000-den gowrak gazak talyby ABŞ-da bilim alýar

Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ylmy maslahat geçirildi

Türkmenistan “THE Asia Universities Summit 2026” çäresine gatnaşýar

Aşgabatda Halkara hytaý dili güni bellendi

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet uniwersiteti Italiýanyň uniwersiteti bilen ylalaşyga gol çekişdi