DÜNÝÄ

Ilkinji buzgaýmak haçan ýüze çykypdyr?

Dünýäde ilkinji buzgaýmak 1686-njy ýylda Angliýanyň patyşasy James II iýipdir diýip aýdylýar. Bu maglumat resmi taýdan bellige alnypdyr. Ilkinji buzgaýmagyň ady “şorbet” diýip atlandyrylyp, XVI asyrda  Italiýada ýüze çykandygy aýdylyp geçilýär.  Muňa garamazdan, buzgaýmagyň taryhy has gadymyýete esaslanýar.

Isgenderiň, Neronyň, Müsür  faraonlarynyň hem buzgaýmak iýendigi barada hem maglumat berilýär. Ýasalyşy barada anyk maglumat bolmasa hem, şerbetler bilen süýdüň doňdurylgy tapylmasy buzgaýmagyň döremeginiň başlangyjy diýip aýtsak bolar.

Käbir çeşmelerde 3000 ýyl mundan öň Hytaýda gar bilen şerbetleriň goşulyp iýilenligi barada bellenip geçilýär. Şonuň ýaly hem Isgender  Aziýada wagty bal, süýt, şerbet doňduryp  iýendigi barada agzalýar.

Angliýada ilkinji buzgaýmagyň satylan ýeri 1785-nji ýylda “New Bond” köçesidir.

Buzgaýmagyň taýýarlanylyşy barada ilkinji ýazylan maglumata  XVIII asyrda duş gelinýär.

Türkmenistanda täze adalat ministri wezipä bellendi

 

Related posts

Din Tompson: Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlygy ösdürýäris

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň Prezidentinden Türkmenistana Bitaraplyk gutlagy

Türkmenistanda täze döredilen agentlige ýolbaşçy bellendi