DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Lýuksemburgyň daşary işler ministrleri duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Lýuksemburgyň  wise-premýeri, daşary işler we daşary söwda ministri Ksawýe Betteliň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar syýasy we söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de, halkara we sebit gün-tertibiniň meselelerine seredildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýadyny berkitmegiň wajyplygy nygtaldy.

Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň we ÝB-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meseleleri hem maslahatlaşyldy.

Related posts

Halkara we sebit guramalaryna başlyklyk etjek döwletler

Raýat ýagdaýynyň ýazgylary onlaýn hasaba alnar

Belgiýanyň döwlet ministri Şarl Mişel bilen Türkmenistanyň Ilçihanasyndaky duşuşyk