DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, özbek tarapynyň wekiliýetine bolsa Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meseleleri boýunça düýpli pikir alyşdylar. Şeýle-de ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hyzmatdaşlygy berkitmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde ýokary derejedäki özara saparlar, duşuşyklar we gepleşikler bellenildi.

Ikitaraplaýyn derejede işjeň syýasy dialogy dowam etdirmek, şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň, GDA-nyň, YHG-nyň, YHG-nyň (Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy) we Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar biri-biriniň halkara başlangyçlaryny mundan beýläk-de goldamaga hem-de sebit we dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça çemeleşmeleri utgaşdyrmaga özara taýýardyklaryny tassykladylar.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmegiň, parlamentara we sebitara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, şeýle hem iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň arasynda göni aragatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini nygtadylar.

Ikitaraplaýyn gün tertibiniň çäklerinde taraplar şu ýylyň dowamynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi we guramaçylyk taýdan üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň aýratyn bölümi söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlandy. Özara söwdany mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň we Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hem-de medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygy nygtaldy.

Ulag-üstaşyr arabaglanyşygyny ösdürmegiň, täze halkara ulag geçelgelerini döretmegiň, logistika düzümini kämilleşdirmegiň, şeýle hem senagat, oba hojalygy, energetika we sanly ykdysadyýet ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň geljegi anyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki ýurduň halklaryny mundan beýläk-de ýakynlaşdyrmagyň möhüm şerti hökmünde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga uly üns berildi. Taraplar bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, ýaşlar syýasaty we sport ugurlarynda hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşini bellediler hem-de ynsanperwer alyşmalary giňeltmäge, bilelikdäki medeni çäreleri geçirmäge we Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen täze taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.


Şol gün döwletara hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny ep-esli pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy hem geçirildi.

Aşakdaky resminamalara gol çekildi:

  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027–2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasy.

Related posts

Türkiýede prezident saýlawlarynyň ilkinji dalaşgäri – Kemal Kylyçdarogly

Daşkentde Owganystan boýunça halkara maslahat geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Duşenbede türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi geçiriler