DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Belgiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belgiýanyň daşary işler ministri Hadja Lahbibiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ministrler syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki ýurduň gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar halkara guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny mundan beýläkde ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Şunuň bilen birlikde, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça gyzyklanmalary bildirdiler.

Related posts

Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri Rumyniýada tanyşdyryldy

BMG-niň Baş sekretary Guterriş Gazagystanda

Türkmenistan bilen UNEP-iň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi