DÜNÝÄ

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Prezidentleri Russiýada duşuşarlar

Geljek hepde Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň mejlisi geçiriler. Munuň üçin gurama agza döwletleriň Baştutanlary 7-nji oktýabrda Moskwa bararlar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow metbugat ýygnagynda habar berdi.

– Geljek hepde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçiriler. Ol doly görnüşde, gurama gaza döwletleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ylalaşylan gün tertibinde guralar – diýip, Peskow belledi we 7-nji oktýabr güni agşam sagatlarynda GDA-nyň Baştutanlarynyň Russiýanyň Prezidentiniň myhmany boljakdygyny aýtdy.

Related posts

Türkmenbaşy we Baku Halkara deňiz portlarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gyrgyzystanyň baýdagynyň dizaýny üýtgediler

“Permanent neutrality” – fundament of the national and foreign policy

Ata Watan Eserleri