DÜNÝÄ

Iki ýurduň arasynda wizasyz döwür başlaýar

2024-nji ýylyň 10-njy awgustyndan Täjigistan Respublikasy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda umumy daşary ýurt pasportlarynyň eýeleri üçin wiza düzgünini ýatyrmak baradaky özara düşünişmek hakyndaky ähtnama güýje girýär.

Bu barada Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Özara düşünişmek hakyndaky ähtnama laýyklykda, iki tarapyň umumy daşary ýurt pasportlarynyň eýeleri wizasyz girip-çykmak mümkinçiligine eýe bolarlar.

Wizasyz düzgüniň durmuşa ornaşdyrylmagynyň birinji tapgyrynda Duşenbe-Tähran we Tähran-Duşenbe uçar gatnawlaryndan peýdalananlar bu mümkinçiliklerden peýdalanyp bilerler.

Related posts

Türki Döwletleriň Guramasynyň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi

Dünýäniň iň garry ýaşaýjysy aradan çykdy

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň daşary işler ministri Türkmenistanda