JEMGYÝET

Fumio Kisida 50 ýapon kompaniýasy bilen Merkezi Aziýa sapara gelýär

Ozal hem habar berlişine görä, şu ýylyň 9-njy awgustynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammiti geçiriler. Oňa Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida bilen bir hatarda 50 iri ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýapon Hökümetiniň Başlygy anna güni Merkezi Aziýa sapar bilen geler. Ol bu saparynyň çäklerinde Gazagystanda we Özbegistanda saparda bolar. Gazak paýtagtynda sammite gatnaşyp, Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri bilen ikiçäk duşuşyklar geçirer.

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň bu saparynda wekiliçilikli toparyň düzümine 50 iri ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçylary hem goşular. Olar sebit ýurtlarynyň ýerli kompaniýalary bilen birnäçe ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär.

Ýapon we Merkezi Aziýa döwletleriniň kompaniýalary sanly lukmançylyk tehnologiýalary we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlyklary pugtalandyrmagy göz öňünde tutýar.

Ýaponiýanyň Hökümeti Merkezi Aziýa döwletleri bilen hem jemgyýetçilik hem-de hususy pudaklarda has ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa bardy

Hint dans grubunun Aşkabat resitali

vepa

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär