JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar 2024-nji ýylyň gün terbibiniň we halkara institutlaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, şu gün Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredowy kabul etdi.

Taraplar giňelýän ikitaraplaýyn we sebitleýin gün tertibine degişli birnäçe temany ara alyp maslahatlaşdylar, iki ýurduň arasynda ozal gazanylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişine we ýakyn wagtda geçiriljek çärelere syn berdiler.

Related posts

Devlet Sigorta Kurumunda görev değişikliği

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Akgaýa – «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» boldy