DÜNÝÄ

Türkmenistan-TÜRKSOY: köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ösdüriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Soltanbaý Raýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. TÜRKSOÝ-yň wekiliýeti Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek boýunça dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada geldiler.

Duşuşygyň barşynda türki dünýäsiniň akyldary we beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden wagyz etmek, şeýle hem gadymy Änew şäheriniň medeni gymmatlylygyny dürli meýdançalarda, TÜRKSOÝ, BMG, ÝUNESKO we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde giňden ýaýratmak babatda pikir alşyldy.

Taraplar baý mednei maksatnamalaryň taýýarlanandygyna uly kanagatlanma bildirdiler. Türkmen tarapy TÜRKSOÝ guramasyna edilen işler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Türki medeniýetiň halkara guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Related posts

Gyrgyzystan 2025-nji ýylda 13 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Lawrow daşary işler ministri, Sergeý Şoýgu täze wezipäni eýelär