DÜNÝÄ

Arkadag şäheri Ýaponiýada tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy bilen Tendo şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda Ýaponiýanyň Tendo şäherinde Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow bilen Ýaponiýanyň Tendo şäheriniň häkimi Şinji Ýamamotonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Ilçi A. Baýramow Tendo şäher häkimliginiň ýolbaşçylaryna Arkadag şäheri we şäheriň gurluşygynyň aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berdi.

Bulardan başga-da, taraplar Arkadag şäheri bilen Tendo şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Related posts

22-nji aprel Bütindünýä Zemin güni

15-nji iýuldan uçar gatnawlaryna başlamakçy

Şweýsariýada 2020-nji ýylyň haýwany – tokaý pişigi

vepa

Leave a Comment