BILIM

Hankuk daşary ýurt dilleri uniwersitetinde türkmen dili fakulteti açylar

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi Begenç Durdyýew bu ýurduň Hankuk daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň Prezidenti Joň Wun Pak bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim ulgamynda, şol sanda, 2019-njy ýylda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Hankuk daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda baglaşylan Özara ylym-bilim hyzmatdaşlygy hakynda ähtnamanyň çäklerinde amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, bilim hem-de ylym ulgamynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek babatynda bar bolan mümkinçilikler boýunça hem özara pikir alyşyldy.

Şeýle hem taraplar beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda ilçihana bilen uniwersitetiň özara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginiň, şol sanda, bilelikdäki çäreleri geçirmekligiň mümkinçiliklerine seretdiler.

Duşuşygyň barşynda Hankuk daşary ýurt dilleri uniwersitetinde türkmen dili fakultetini açmak mümkinçiligine hem seredildi.

Ýene-de okaň

3000-den gowrak gazak talyby ABŞ-da bilim alýar

Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ylmy maslahat geçirildi

Türkmenistan “THE Asia Universities Summit 2026” çäresine gatnaşýar

Aşgabatda Halkara hytaý dili güni bellendi

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet uniwersiteti Italiýanyň uniwersiteti bilen ylalaşyga gol çekişdi

Türkmenistanlylar üçin Ýaponiýada okamak mümkinçiligi