JEMGYÝET

Global gaz bazary ösýär : Türkmenistanyň Gaz Eksport mümkinçilikleri artýar

Halkara maglumatlara laýyklykda global gaz bazary örän ýokary depginler bilen ösýär. Bu barada BP kopmaniýasy tarapyndan 2018-nji ýylyň 20-nji Fewralynda halk köpçüligine ýetirilen “ BP Energy Outlook-2018 Edition” maglumatnamasynda beýan edilýär.

Gaz bazary 47göterim öser

Iň soňky halkara maglumatnamada  habar berilişine görä,  2040-nji ýyla çenli döwürde her ýyl global gaz bazarynyň ösüşi 1,6 göterime barabar össe gerek. Başgaça aýdanymyzda ýene 22 ýyldan global gaz bazary häzirki ýagdaýyndan 47 göterim uly bolmagyna garaşylýar.

Gaz bazarynyň ösüşi nebit bazarynyň ösüşinden 3 esse ýokary bolar

2016-nji ýylyň ahyryndaky ýagdaýa görä, global gaz bazarynyň ululygy 3 milliard 204 million tonna şertli nebite deň. 2040-nji ýylda bu görkezijiniň 4 milliard 707 million tonna barabar bolmagyna garaşylýar. Şol döwürlerde global nebit bazarynyň görkezileri bolsa, degişlilikde 4 milliard 336 million tonna we 4 milliard 836 million tonna barabar. Görşümiz ýaly, 22 ýyllyk döwürde, nebit bazarynyň çaklanýan ösüşi 500 million tonna şertli nebit bolsa, gaz bazarynyň ösüşi nebitiňkiden üç esse ýokary ýagny, 1 milliard 502 million tonna barabar bolupdyr.  Şol döwürlerde, kömür bazarynyň artyşy 30 million tonna, atom energiýanyň artyşy 320 million tonna, alternatiw energiýa çeşmeleriniň artyşy bolsa, 2 milliard 25 million tonna barabar bolmagyna garaşylýar.

Gaz we nebit : 53 göterim

Netijede, ähli sarp edilen energiýa çeşmeleriniň arasynda nebitiň orny häzirki döwürde 33 göterime barabar bolsa, bu görkezijiniň 2040-nji ýyla çenli 27 göterime çenli azalmagyna garaşylýar. Şol döwürde tebigy gazyň orny bolsa, 24 göterimden 26 göterime çenli össe gerek. Bu bolsa, tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna, önümçilik we eksport mümkinçiliklerine eýe bolan Türkmenistanyň ýakyn gelejekde global energiýa bazaryndaky ornunyň has hem artjakdygyny görkezýär. Degişli döwürde, kömrüň orny 28 göterimden 21 göterime çenli peselse gerek. Alternatiw energiýa çeşmeleriniň orny bolsa, 3 esseden gowrak artyp, 4 göterimden 14 göterime çenli çyksa gerek.

Energiýa bazary 35 göterim öser

Eýsem bu döwürlerde energiýa serişdeleri haýsy ýurtlarda has köp sarp ediler. Maglumatnamany seljermäni dowam edeýliň! Bellenişine görä, häzirki döwürde, dünýä boýunça her ýyl 13 milliard 276 million tonna şertli nebit möçberinde energiýa serişdeleri sarp edilýär. Bu görkezijiniň  2040-nji ýyla çenli 35 göterim artyp,  17 milliard  983 million tonna barabar bolmagyna garaşylýar. Şonda global energiýa bazarynyň ýyllyk ösüş depgini 1,3 göterime barabar bolar.

Hytaý we Hindistan : dünýä energiýa bazarynyň 35 göterimi eýelär

Häzirki döwürde dünýäde sarp edilýän energiýa serişdeleriniň 17 göterimi ABŞ-da, 12 göterimi ÝB-da, 23 göterimi Hytaýda, 5 göterimi  Hindistanda sarp edilýär. 2040-nji ýyla çenli döwürde bu görkezijiniň Amerikanyň Birleşen ştatlarynda 13 göterime çenli azalmagyna, Ýewropa Bileleşiginde 8 göterime çenli azalmagyna, Hytaýda 24 göterime çenli artmagyna, Hindistanda bolsa, 2 esseden hem gowrak artyp, 11 göterime barabar bolmagyna garaşylýar.  Bu bolsa, türkmeniň “mawy altynyna” uly gyzyklanma bildirýän Hytaý we Hindistanyň ýene sanlyja ýyldan dünýä energiýa bazarynyň üçden birinden gowragyny eýelejekdigini görkezýär. Şol döwürlerde Hytaýyň energiýa bazary 3 milliard 53 million tonnadan 4 milliard 319 million tonna çenli, Hindistanyň energiýa bazarynyň bolsa, 724 million tonnadan  1 milliard 921 million tonna şertli nebite barabar boljakdygyny görkezýär.

Dr. Döwran Orazgylyjow

Atawatan Türkmenistan halkara Žurnalynyň baş redaktory

Çeşme : Atawatan Türkmenistan Habar Agentligi (ATHA)

 Resmi  Facebook Hasabymyz üçin  : 

 https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/    

Resmi Line Hasabymyz üçin 

https://line.me/R/ti/p/%40atavatanjournal

Line İD : @atavatanjournal       

 Resmi Twitter Hasabymyz üçin 

https://twitter.com/AtavatanJournal

Resmi Linkedin Hasabymyz üçin 

 https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

Ýene-de okaň

Eýranyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Hytaýda saparda bolar

Ata Watan Eserleri

“Altyn pökgi” baýragy 22-nji sentýabrda gowşurylar

Türkmenistanyň Prezidenti Rim Papasyny işe girişmegi mynasybetli gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen BAE-niň wise-prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň dabaralaryna gatnaşdy