Gazagystanyň täze bir palataly parlamentiniň — Gurultaýyň başlygy wezipesine saýlawda ýeňiş gazanan «Adilet» partiýasynyň lideri Aýbek Dadebaý saýlandy.
Aýbek Dadebaýyň bu wezipä dalaşgärligini ýurduň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew teklip edipdi. Deputatlar ilkinji plenar mejlisde gizlin ses bermek arkaly onuň dalaşgärligini biragyzdan goldadylar.
«Sesler sanaldy. 145 býulleten paýlandy, 144 deputat goldap, ses berdi. Karar biragyzdan kabul edildi» diýip, hasaplaýyş toparynyň başlygy Žanarbek Aşimžanow aýtdy.
46 ýaşly Aýbek Dadebaý 2026-njy ýylyň maý aýyndan bäri Gazagystanyň «Adilet» partiýasyna ýolbaşçylyk edýär. Şondan ozal, ol Gazagystanyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy bolup işledi.
23-nji awgustda Gazagystanda geçirilen Gurultaý (bir palataly parlament) saýlawlarynyň netijelerine görä, «Adilet» partiýasy ýurduň kanun çykaryjy edarasyndaky 145 ornuň 110-syny eýeledi.
