Anna güni irden aradan çykan monarh Harald V-niň ogly, Norwegiýanyň täze patyşasy Hokon VIII ady bilen hökümdarlyk eder. Bu barada Norwegiýanyň Patyşa köşgi habar berýär.
Hokon VIII öz şygary hökmünde «Ähli zat Norwegiýa üçin» diýen jümläni saýlady. Bu şygary tagtda mundan ozal, oturan birnäçe hökümdar, şol sanda onuň kakasy hem ulanypdyr.
Norwegiýanyň Patyşasy Harald V-niň 89 ýaşynda Oslodaky hassahanada aradan çykandygy habar berildi.
53 ýaşly Hokon VIII anna güni eýýäm patyşa hökmünde hökümet bilen ilkinji duşuşygyny geçirdi.
Konstitusiýanyň 9-njy maddasynyň talap edişi ýaly, Patyşa Hokon VIII parlamentiň we hökümetiň öňünde resmi taýdan kasam eder. Munuň Harald V-niň aradan çykmagyndan birnäçe gün soň bolmagyna garaşylýar.
Norwegiýada Patyşanyň ygtyýarlyklary Şwesiýanyň Patyşasyndan birneme giňdir. Kanunlara hut Patyşa gol çekýär we ol her anna güni Ministrler kabinetiniň mejlislerine başlyklyk edýär. Soňky ýyllarda Hokon VIII ene-atasynyň saglyk ýagdaýlary sebäpli Patyşa maşgalasyna hem wekilçilik edip gelýärdi.
Hokonyň aýaly, Mette-Marit şa aýaly boldy.
