SIZDEN GELENLER

Gawun kaky

Türkmen topragynyň rysgal-berekede baýlygy, sahylygy dürli halklaryň dillerinde dessana öwrülendir. Jepakeş daýhanlarymyzyň irginsiz zähmeti bilen ýetişdirilýän türkmen gawunlarynyň at-owazasy bolsa bütin dünýä mälimdir. Düzümi ynsan saglygy üçin iňňän peýdaly maddalara baý guradylan kak önümi hökmünde giňden meşhur bolupdyr.

Gawun kaky beden synalaryny zyýanly maddalardan arassalaýar, olaryň işini kadalaşdyrýar, beden süňkleriniň we saçyň ýagdaýyny gowulandyrýar. Bu önüm ýürek-damar kesellerinde hem örän peýdalydyr. Gawun kakyny eliň-aýagyň çişende, sary getirmede we käbir daş döremelerde köräk iýmek maslahat berilýär. Ol bedeniň nerw ulgamyny hem sagdynlaşdyrýar. Kakyň düzüminde ukusyzlykdan, nerw dartlygyndan, baş aýlanmadan, syna gowşaklygyndan saplaýan ferment, şeýle hem deriniň, saçyň, dyrnagyň ýagdaýyny gowulaşdyrýan maddalar köpdür. Gawun kakynda bar bolan iýmit süýümleri adamyň içege ýollaryny arassalamak arkaly, aşgazan-içege ýollaryny sagdynlaşdyrýar. Kakda köp saklanýan C witamini immuniteti berkidýär, kelle beýnisiniň işjeňligini artdyrýar, beden synalarynda bolup geçýän hadysalaryň sazlaşmagyna ýardam edýär. Şeýle-de gawun kaky nerw ulgamyny rahatlandyrýar, adamyň iş ukyplylygyny ep-esli ýokarlandyrýar.

Geldiýewa Aýjahan,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby

 

Täzeden saýlandy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý bilim hyzmatdaşlygy – dostluk we ösüş köprüsi

Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda sanly bilimiň we sanly ykdysadyýetiň orny

Bagşa tagzymly ömür

Ekologiýanyň goragy-ýaşaýşyň abadançylygy

Ata Watan Eserleri

Ýaş hünärmeniň ylham we tejribe mekdebi

Ata Watan Eserleri

Medeniýet – halkyň ruhy baýlygy