SIZDEN GELENLER

Atawatan eserleri

Ýaşlarymyza ýollar açýan,

Ylham bolup nurun saçýan,

Üstünlige tarap uçýan,

Atawatan eserleri.

 

Dillerimde buýsanjym sen,

Gije gündiz guwanjym sen,

Kalbymyzda tutduñ mesgen,

Atawatan eserleri.

 

Eserleri ýaza-ýaza,

Zehinleri çykar ýüze,

Müñ bir many berip bize,

Atawatan eserleri.

 

Hyjuw gaýrat mertlik gerek,

Her bir ýazýan işe derek,

Sagbol aýdýar joşup ýürek,

Atawatan eserleri.

Nurgeldi ILGELDIÝEW, Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk  orta hünär okuw mekdebiniñ talyby.

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagynda geljegi uly hyzmatdaşlyk

Konstitusiýa we Döwlet baýdagy – mukaddes nyşanlarymyz

Nebitgaz pudagynyň batly gadamlary

Sanly tehnologiýalar – täze eýýamyň hereketlendiriji güýji

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Nebitgaz pugagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy