JEMGYÝET

Futbol toparlary tomusky transferde rekord pul sarp etdiler

FIFA halkara furamasynyň maglumatyna görä, transfer çykdajylary 9,76 milliard dollara ýetip, bu 2024-nji ýyldaky görkezijiden 50%-den hem köpräk boldy.

Tomusky transfer döwri 1-nji iýundan 2-nji sentýabra çenli dowam etdi, şol sanda ABŞ-da geçirilýän klub dünýä çempionatyna görä 1–10-njy iýun aralygyndaky ýörite döwri hem öz içine aldy. Şol döwürde erkekler professional futbolynda diýen ýaly 12 müň halkara transferi hasaba alyndy we bu täze rekord boldy.

Iň köp çykdajy iňlis klublarynyň paýyna düşdi – olar 3 milliard dollardan gowrak serişde sarp etdiler, bu bolsa milli assosiasiýalaryň arasynda rekord görkezijidir.

Related posts

Türkmenistan ile İran enerji işbirliğini arttıracak

vepa

Ýapon ministri: Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyrys

Milli Liderimize Gyrgyzystanda Han atly bedew sowgat berildi