DÜNÝÄ

Efiopiýa ertir 2014-nji ýyla girer

Gündogar Afrika döwleti bolan Efiopiýa ertir 2014-nji ýyla girmäge taýýarlanýar. Öz senenamasy we sagat ulgamyny ulanýan Efiopiýanyň bazarlaryna we söwda merkezlerine ýygnanan adamlar täze ýyla taýýarlyk işlerini tamamladylar.

Premýer-ministr Aby Ahmed täze ýyldan öň halkyna gutlag hatyny iberdi we paýtagtdaky garrylara we maýyplara täze ýyl sowgatlaryny paýlady.

Ýurtda “Enkutataş” diýlip atlandyrylýan ýylyň ilkinji güni, ýagyş möwsüminiň gutarmagy we hasyl döwrüniň başlangyjy hökmünde hem kabul edilýär.

Efiopiýanyň senenamasy dini senenama bolandygyna garamazdna, ýurduň hökümetiniň ähli resmi işlerinde ulanylýar. Takmynan 7 ýyl 8 aý yzda barýan Efiopiýa senenamasy “Kopt” hristianlarynyň Müsürde ulanan senenamasyna meňzeýär.

Öz senenamasy ýaly başga wagt ulgamyny hem ulanýan efiopiýalylar üçin gün 00: 00-da däl-de, 06: 00-da başlaýar. Gün 12 sagadyň iki dürli böleginden durýar. Ilkinji 12 sagatlyk wagt zolagy 06: 00-da, ikinji zolak bolsa 18: 00-da başlar.

 

“Microsoft” ofislerini açmakdan ýüz öwürýär

Related posts

Türkmenistanyň we Hindistanyň söwda ministrleriniň duşuşygy

Türkmenistan ile İran işbirliği, Tahran’da ele alındı

vepa

Türkiýe Respublikasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan ylmy konferensiýasy geçirildi