SPORT

Dzýubanyň Türkiýedäki karýerasy 3 aý dowam etdi

Russiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Arten Dzýuba bilen Türkiýäniň “Adana Demirspor” bilen baglaşan şertnamasyny her iki tarapyň razyçylygy boýunça ýatyryldy.

Türkiýäniň Futbol federasiýasynyň saýtynda ýerleşdirilen habara görä, iki tarapyň özara ylalaşygy esasynda şertnama 3-nji noýabrda ýatyryldy.

Mälim bolşy ýaly, rus futbolçy şu ýylyň awgustynda türk toparyna geçipdi. Ol türk toparynyň düzüminde 5 duşuşykda oýnap, 1 gol geçirdi. Ol umuman, 220 minut meýdançada galdy.

34 ýaşyndaky hüjümçi bilen beýlkei türk toparlary bilen bir hatarda rus toparlary hem gyzyklanýar. Gyzyklanýanlaryň arasynda onuň ozal oýnan “Zenit” topary ýokdur. Dzýuba bilen “Torpedo” topary hem gyzyklanýar.

Related posts

Messiniň Hindistanda 20 metrlik ýadygärligi açyldy

Iň çalt futbolçylar

Türkiýäniň zenanlar ýygyndysy Ýewropanyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment