TEHNOLOGIÝA

Dünýäde iň köp satylan “Android” smartfonlary

Bu ugurda öňdeligi Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy eýeledi. Kompaniýanyň 4 sany telefony öňdeligi eýeledi.

“Strategy Analytics” kompaniýasynyň statistika maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň birinji çärýegine degişli hasabatlar çap edildi. Netijede, bu döwürde dünýäde iň köp satylan “Android” smartfonlarynyň sanawy taýýarlandy. “Android” ulgamly iň köp satylan 6 telefonyň 4-üsi “Samsung” kompaniýasyna degişlidir. Beýleki ikisi bolsa Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasynyň smartfonlarydyr.

Öňdebaryjy “Samsung Galaxy A51” (4G wersiýasy) boldy. Umuman alanyňda, 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde bu modeliň 6 million birligi satyldy. “Android” smartfonlarynyň 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde umumy satuwynyň arasynda bu telefonyň paýy 2,3% boldy.

Ikinji orunda 1,9% paýa eýe bolan “Xiaomi Redmi 8” bar. Esasan hem Hindistanda we Hytaýda ulanyjylaryň arasynda meşhurdyr.

Üçünji orunda 1,7 göterim paýy bolan “Samsung Galaxy S20 +” premium smartfony bar. Ondan soň “Galaxy A10s”, “Redmi Note 8” we “Galaxy A20s” bar.

Related posts

“Ga­laxy S23” smart­fon­la­ry­ny ta­nyş­dyr­dy

Ata Watan Eserleri

«Samsung Galaxy S10 Lite» indi ABŞ-nyň söwda nokatlarynda

Russiýanyň uçarlarynda internet 2027-nji ýylda peýda bolar