DÜNÝÄ

Dünýäniň ilkinji trillioneri kim bolar?

ABŞ-nyň “Amazon” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezosyň baýlygy yzygiderli ýokarlanan ýagdaýynda ol dünýäde ilkinji trillioner bolup biler. Bu barada ABŞ-nyň köp sanly neşirlerde beýan edilýär.

“Comparisun” kompaniýasynyň seljermesine görä, “Amazon”-yň baş direktory eýýäm täze ada eýe bolup başlady. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, Bezos 2026-njy ýyla çenli trillioner bolup biler. Bu hasabat kompaniýanyň soňky 5 ýyldaky ýyllyk ösüşiniň ortaça göterimi bilen berk baglanyşyklydyr. Soňky 5 ýylda Bezosyň emlägi ortaça 34 göterim ösdi. Şeýle hem, koronawirusyň ýaýramagy sebäpli ykdysady çökgünligiň bardygyna garamazdan, Bezosyň kapitalynyň ösmegini dowam etdirýändigi bellärliklidir. Sebäbi “Amazon” platformasy arkaly önümlere we hyzmatlara isleg bildirýänleriň sany barha köpelýär.

Bezosyň şahsy kapitaly 143 milliard dollar bolup, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 28 milliard dollar artdy.

Related posts

Owganystan 39 ilçihanasynyň işini ýola goýdy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň saglyk we sosial goraýyş ministri bilen duşuşygy

Koronowirus 50 adama döwlet getirdi