DÜNÝÄ

Halkara we sebit guramalaryna başlyklyk etjek döwletler

2023-nji ýyla gadam basyldy. Täze ýylda birnäçe halkara guramalara başlyklyk etjek ýurtlar özleriniň hereket meýilnamalaryna girişmäge taýýarlanýar.

Garaşsyz Döwletler Arkalaşygyna 2023-nji ýylda Gyrgyz Respublikasy başlyk eder. Gyrgyz Respublikasy bu guramanyň başlyklygyny Gazagystandan kabul edip aldy. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow başlyk edilen döwürde GDA agza döwletleriň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň has-da pugtalandyrylmagyna uly üns beriljekdigini belledi.

***

Şwesiýa döwleti 6 aýlygyna Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşine başlyklyk eder. Bu başlyklyk Çehiýadan Şwesiýa gedi. Şweisýa 30-njy iýuna çenli gurama başlyklyk edip, soňra estafetany Ispaniýa Patyşalygyna geçirer.

Şwesiýa mundan ozal, 2 gezek ÝB-niň Geňeşine başlyklyk edipdi. Ol hem 2001-nji ýylyň 1-nji ýanwary-30-njy iýuny, şeýle hem 2009-njy ýylyň 1-nji iýuly-31-nji dekabry aralygynda bolupdy.

***

Ýaponiýa 2023-nji ýylda G7 guramasyna başylyk eder. Şu ýyl bu guramanyň sammitini Hirosima şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ulag we telekommunikasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan Hytaý bilen ýokary tehnologiýalar pudagyny ösdürmäge taýýardyr

Ilçi: Azerbaýjan bilen Türkmenistan strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmen-Hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Çehiýa Azerbaýjandan tebigy gaz satyn alar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolýar