DÜNÝÄ

Olimpiýa oýunlarynyň yza süýşürilmeginiň ýitgisi

Şu ýylyň tomus paslynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilmegi göz öňünde tutulan, ýöne koronawirus ýokanjy sebäpli 2021-nji ýyla süýşürilen Olimpiýa oýunlarynyň ýitgisi 800 million dollara deň boldy.

Halkara Olimpiýa Komitetiniň habar bermegine görä, Halkara Olimpiýa Komitetiniň ýerine ýetiriji geňeşiniň täze maliýe meýilnamasyny tassyklandygy we oýunlary täzeden gurnamagyň çykdajysynyň 650 million dollara barabar bolandygy mälim edildi. Şeýle hem  Halkara federasiýalar (IFS), Milli Olimpiýa Komitetleri we Halkara Olimpiýa Geňeşi tarapyndan ykrar edilen guramalar ýaly Olimpiýa Hereketi üçin 150 million dollara çenli kömek bukjasy göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda Halkara Olimpiýa Komiteti, “COVID-19” emele getiren çökgünliginiň ähli işlere ýetirýän täsirine baha bermek üçin derňew işini alyp barýar.

Halkara Olimpiýa Komiteti, Olimpiýa hereketiniň lideri hökmünde “COVID-19” sebäpli gyzyklanýan taraplara goldaw bermekde möhüm rol oýnaýar. Şonuň üçin 150 million kömek serişdesi taýýarlandy. Bu serişde Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmek we türgenlerine goldaw bermek wezipesini dowam etdirmek üçin niýetlenendir.

Halkara Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Tomas Bah: “Olimpiýa hereketi görlüp-eşidilmedik kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Halkara olimpiýa komiteti ilkinji gezek yza süýşürilen Olimpiýa oýunlaryny gurnamaly we gyzyklanýan taraplara bu döwürde kömek etmeli. Adatdan daşary ýagdaýlar adatdan daşary çäreleri talap edýär. Bu ýagdaý biziň her birimiziň öz jogapkärçiligimizi ýerine ýetirmegimizi talap edýär we bu hemmämize, şol sanda Halkara olimpiýa komitetine degişlidir. Şu günki maliýe meýilnamalarymyz bilen bu zerurlyklary çözýäris “-diýip belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Pakistanyň söwda boýunça federal ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň oba hojalyk ministri FAO-nyň sebit maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda hyzmatdaşlyk ähtnamasyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ulgamyndaky wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi

Täjigistan bilen Hytaýyň kompaniýalary 8 milliard dollarlyk 50-den gowrak ylalaşyga gol çekdiler

Türkmenistan bilen Uganda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrýar