TEHNOLOGIÝA

Elektrik “Skoda Enyaq” sentýabrda tanyşdyrylar

Täze “Skoda Enyaq” elektrik awtoulagy Çehiýanyň paýtagt şäheri Pragada şu ýylyň 1-nji sentýabrynda tanyşdyrylar. Kompaniýa soňky ýyllarda meşhurlyga eýe bolýan elektrik awtoulaglaryna täze modelleri goşmagyny yzygiderli dowam etdirýär. “Volkswagen Group” -yň içinde awtoulag öndürijisi bolan “Skoda” täze elektrik ulagy hasaplanýan “Enyaq” üçin işini doly tamamlady.

Iki dwigatelli we dört tigirli “Enyaq” “Skodanyň” iň güýçli ulagy bolar. Tizligi 6.2 sekuntda 0-dan 100-e ýetjek bu model doly zarýadda 460 km aralygy geçer. “Skoda” jemi 5 dürli güýç we 3 batareýa görnüşini hödürlär. 2020-nji ýylyň ahyrynda önümçilige başlanyljak bu awtoulag 2021-nji ýylda ýollarda bolar.

Related posts

Elektromobiller dünýä awtoparkyny üýtgedýär

Täze “Redmi Note 9S” akylly telefony hödürlener

Ata Watan Eserleri

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen “Airbus” kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi

Ata Watan Eserleri