TEHNOLOGIÝA

Dubaýda robot ulaglar

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýol hereketiniň düzgünlerine gözegçilik etjek robot ulaglar tanyşdyryldy.

Bu ulaglaryň aýratynlyklary sürüjisiz hereket edip bilýändigi we ýolda bolan düzgün bozmalary «okap», bu barada polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyna habar berýändigidir. Emeli intellektli, 5 sany hereketlendirijili ulag islendik gurşawda hereket edip bilýär.

Köpçülikleýin herekete gözegçilik edýän, sürüjisiz hereketlenýän şeýle ulaglaryň häzirki wagtda ikisi tanyşdyryldy. Olaryň biri ýaşaýyş etrapçalaryndaky hereketlere gözegçilik etse, beýlekisi ýolda bolup geçen düzgün bozmalar hakynda polisiýanyň ýerli uçastogyna dessin habar berýär.

 

NASA-nyň kosmos uçuş rekordy

Related posts

Dünýäniň iň gymmat awtomobil belgisi satyldy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň ilkinji wodorod otlusy synag edildi

“Metaverse” geljegiň iş durmuşyny üýtgeder

Ata Watan Eserleri