TEHNOLOGIÝA

Türkmenistanyň “Elektron hökümet” ulgamyna X-Road arhitekturasyny ornaşdyrylar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň milli elektron kommunikasiýa ulgamlary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, sanly hyzmatlary yzygiderli artdyrmaga gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär.

Sanly hyzmatlaryň täze görnüşleriniň hatarynda “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan hususy kärhanalar bilen bilelikde işe girizilen “Duralga” atly mobil goşundyny görkezmek bolar.

Mundan başga-da, milli elektron kommunikasiýalar ulgamlarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň önümçilik binýadynda täze “Belet Video” hyzmaty işe girizildi we onda ylmy-okuw, aýdym-saz, okuw materiallary, habarlar, dokumental filmler ýaly dürli wideolaryň yzygiderli üstüniň ýetirilmegi ýola goýuldy.

Ýurdumyzda milli “Elektron hökümet” ulgamyny emele getirmekde hem täze çemeleşmelerden ugur alynýandygy barada aýdyldy. Onda dünýä tejribesinde üstünlikli ulanylýan X-Road arhitekturasyny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär we häzirki wagtda BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde üpjün edijini saýlamak işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen, ýurdumyzda internet akymlarynyň möçberiniň yzygiderli artýandygyny belledi we raýatlaryň sanly hyzmatlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar