BIZNES

Söwda toplumynda elektron söwda ösdüriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew söwda toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň bazarlarynda halkyň sarp edýän harytlarynyň bolçulygyny we olaryň bahalarynyň durnukly derejesini mundan beýläk-de üpjün etmek boýunça çäreler göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, sanly ykdysadyýeti we elektron söwdany ösdürmek öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

Dokma senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli ulanmaga, öndürilýän önümleriň görnüşlerini we möçberini artdyrmaga, halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berler.

Taýýarlanylan iş meýilnamasyna laýyklykda, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň öňünde elektron söwdalary geçirmegiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň öňünde bolsa häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly sergileri we maslahatlary guramak işini kämilleşdirmek wezipeleri goýuldy.

Şunuň bilen bir hatarda, hususy ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek, onuň milli ykdysadyýetdäki ornuny ýokarlandyrmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, haryt dolanyşygynyň we eksportyň möçberini artdyrmak, Döwlet býujetini üstünlikli ýerine ýetirmek bilen bagly çäreler durmuşa geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar