TEHNOLOGIÝA

“Google” kompaniýasynyň täze telefonlary

Şu aýyň başynda “Google” kompaniýasy “Google Pixel 4a” telefonyny höňdürledi. Şeýle hem kompaniýa şu ýylyň güýzünde “Pixel 5 5G” we “Pixel 4a 5G” telefonlaryny satuwa çykarjakdygyny tassyklady. Bu iki telefonyň hem 30-njy sentýabrda çykjakdygyny bellediler. Täze maglumata görä, “Pixel 5 5G” indiki aýyň soňky gününde gara we ýaşyl reňklerde tanyşdyrylar.

Onuň bilen bilelikde “Google Pixel 4a 5G” gara reňkde bolar. Ak reňkli “Google Pixel 4a 5G” bolsa oktýabr aýynda satuwa çykarylar. “Pixel 5 5G” telefonyň uly 6,67 dýuým ekrany bolmagyna garaşylýar.

Ekrany “Samsung” ýa-da “BOE” kompaniýalary üpjün edip bilerler. “Google Pixel 5” telefony Snapdragon 765G çipset bilen üpjün ediler we 8 Gb operatiw ýady we 128 Gb fleş ýady ýerleşdiriler.

Related posts

21-nji aprel Bütindünýä döredijilik we innowasiýa güni

Ata Watan Eserleri

«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar

Täze elektron önümler: Telefon, router, kompýuter we split

Ata Watan Eserleri