TEHNOLOGIÝA

Wodorod bilen işleýän täsin ulag

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda ýerleşýän “Hyperion Motors” kompaniýasy täze wodorod bilen işleýän ulag “XP-1” atly super awtoulagyny hödürledi.

“Hyperion XP-1”-iň resmi taýdan tanyşdyrylmagy, koronawirus pandemiýasy sebäpli ýatyrylan Nýu-Ýork halkara awtoulag sergisinde meýilleşdirildi.

“XP-1” ylmy fantastiki filmden çykan ýaly örän özboluşly görünýär. Ulag bir doly wodorod sygymy bilen 1600 kilometrden gowrak aralygy geçip biler.

Guýlan wodorody elektrik toguna öwürýän awtoulag sagatda 355 kilometr geçip biler. Ulagyň 0-dan 100-e çenli tizlige ýetmek üçin üçin bary-ýogy 2,2 sekunt gerek.

“Hyperion XP-1” 2022-nji ýyldan başlap 300 sanysy öndürilmegi meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar